Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we welaýatlardaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda bugdaý oragy işjeň dowam edýär. Ýygnalan hasyly gysga möhletde kabul etmek we döwlet tabşyrygyny ýerine ýetiren daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şol bir wagtda gowaça meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Möwsümleýin ekiş işleri hem dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekişi geçirilýän bolsa, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine aýratyn üns berilýär. Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we gök-bakja önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, degişli ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň möhüm ähmiýetini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow galla oragyny ýokary derejede guramak, ýygnalan hasylyň kabul edilişini gözegçilikde saklamak, bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek hem-de gowaça meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk dowam etdirilmegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.