Ýüplük üçin kagyz tegekleri öndürýän fabrigi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmengalanyň Ýüplük üçin kagyz tegekleri öndürýän fabrigi Türkiýe respublikasynyň „Engin Group Consorcium S.A.“ kompaniýasy tarapyndan 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda baglaşylan 810/00026425/92-9-61/752 belgili şertnama esasynda 1994–nji ýylda düýbi tutuldy. 1997-nji ýylyň 27-nji iýunynda gurluşyk işleri doly tamamlandy we önümçilige başlandy. Fabrigiň tutýan meýdany 3.06 ga. Fabrikde Türkiýe respublikasynyň “KAMAK”, Germaniýanyň “CHRISTIAN MAIER GmbH & Co. KG MASCHINENFABRIK” we Günorta Koreýanyň “UNILINK INTERNATIONAL INC.” kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyrylan. Kärhananyň işe girizilendäki önümçilik kuwwatlylygy bir gije gündiziň dowamynda 105000 sany kagyz tegeklerini öndürmek. Fabrikde 4 görnüşli önüm, 4°20, 5°57, 1°51 we silindr ölçegli kagyz tegekleri öndürilýär. Fabrik 3 çalşykda işlemek bilen 110-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär. Esasy çig mal içerki bazardan telekeçiler tarapyndan öndürilýän karton kagyzy 320±5gr/m² bolup durýar. Taýýar önümler laboratoriýa bölümi tarapyndan doly hil barlagyndan geçirilýär we önümlerimiz “Türkmenstandartlary” döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyrylan.

Öndürilýän önümler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky nah ýüplük egriji fabriklerine iberilýär.

Fabrikde öndürilýän önümler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky nah ýüplük egriji fabriklerine iberilýär. 2019-njy ýylda fabrigiň önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Günorta Koreýanyň “UNILINK INTERNATIONAL INC.” kompaniýasynyň 1°51 ölçegli kagyz tegek enjamy ornaşdyryldy. Fabrikde häzirki wagtda kagyz tegekleriniň 4 görnüşi öndürilýär. 1) 4°20 ölçegli konus şekilli kagyz tegek (uzynlygy 170±1,0mm, bir tarap patrony açyk 58±0,25 mm, bir tarapy patronyň ujy towlanan 29±0,25 mm). 2) 5°57 ölçegli konus şekilli kagyz tegek (uzynlygy 170±1,5mm, bir tarap patrony açyk 68±0,25 mm, bir tarap patronyň ujy towlanan 29±0,25 mm). 3) Silindr şekilli kagyz tegek (uzynlygy 170±1,3mm, bir tarap patrony açyk 54±0,25mm, bir tarap patronyň ujy towlanan 43±0,25mm). 4) 1°51 ölçegli konus şekilli kagyz tegek (uzynlygy 170±1,5mm, bir tarap patrony açyk 65±0,25mm, bir tarap patronyň ujy towlanan 46±0,25mm).