Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynda önümçilik kärhanalaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Wise-premýer dokma pudagynyň önümçilik mümkinçiliklerini has-da giňeltmek, kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, dokma kärhanalarynda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň, ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmagyň we pudagyň önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Bäherden tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.