Nebit önümleri we dokma harytlary birža söwdalarynyň esasy bölegini emele getirdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 36-njy hepdesinde geçirilen söwdalaryň netijesinde jemi 140 million 311 müň 100,00 manada we 38 million 560 müň 205,59 ABŞ dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy. Hepdäniň dowamynda daşary bazarda nebit önümleri, dokma önümleri, gurluşyk serişdeleri hem-de ösümlik çig maly uly islege eýe boldy. Içerki bazarda bolsa gurluşyk nebit bitumy, pagta önümleri, nah ýüplügi we beýleki dokma çig mallary boýunça söwdalar amala aşyryldy. Daşary ýurtly işewürler «Türkmennebit» döwlet konserniniň az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle hem ýerli öndürijileriň nah çig matasyny, nah ýüplügini, biz matasyny, portlandsementini we guradylan arassalanmadyk buýan köküni hem-de kök baldaklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalara Singapur, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Türkiýe we Gyrgyzystan ýaly döwletleriň telekeçileri gatnaşdy. Içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň gurluşyk nebit bitumy, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň pagta süýümi, çig ýüpegi we nah hasasy, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň nah çig matasy bilen nah ýüplügi ýokary islegden peýdalandy.