«Bäherden» tikin fabrigi ýylyň ýedi aýynyň meýilnamasyny 123 göterim ýerine ýetirdi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen barýan kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Bäherden» tikin fabrigi hem bar. Bu baýry kärhananyň tikinçileri şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň önümçilik meýilnamasyny 123 göterim ýerine ýetirmegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi. Geçen ýedi aýyň dowamynda fabrigiň zähmet söýer hünärmenleriniň agzybirlikli zähmeti netijesinde 10 million 34 müň manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 107,9 göterime deň bolandygyny görkezýär. 100-den gowrak raýatymyzyň zähmet çekýän bu öňdebaryjy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 391 müňden gowrak tikin önümleri taýýarlanyldy. Öndürilen harytlaryň esasy bölegini buýurmalar esasynda tikilen ýöriteleşdirilen lybaslar we beýleki tikin önümleri tutýar. Kärhana gelip gowuşýan sargytlaryň yzygiderli artmagy önümçilikde ekologiýa taýdan arassa nah matalaryň ulanylmagy we önümleriň ýokary hili bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Baş baýramymyza taýýarlyk görülýän şu günlerde fabrigiň işçi-hünärmenleri iş depginlerini has-da batlandyrýarlar.