Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 3-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu habary «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti ýaýratdy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Duşenbe şäherinde geçiriljek işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli işler amala aşyrylýar. İki ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi maksat edinýän bu çäre ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Nökerguly Atagulyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisiniň dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdaky ähmiýetini nygtap, wise-premýere bu çäräni ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.