Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli halyçylyk pudagyny ösdürmek meselelerine garady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi. Hasabatda çeper halyçylyk kärhanalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada aýdyldy. Häzirki wagtda kärhanalary boýaglar we himiki serişdeler bilen üznüksiz üpjün etmek, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen teklip hödürlenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow milli el halyçylyk sungatyny ösdürmegiň we önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutany «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasynyň önümçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, degişli işleri ýerine ýetirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.