Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan halkymyzyň milli mirasynyň iň naýbaşylarynyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halyçylyk sungatynyň ösmekligine, halkymyzyň bu ajaýyp halylara bolan islegini kanagatlandyrmaklyga mynasyp goşant goşýan zähmet toparlarynyň biri hem Halaç çeper halyçylyk kärhanasydyr. Bu kärhana baryp 1959-njy ýylda döredilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Etrapda her bir öýde diýen ýaly haly dokalýandygy, «halypa-şägirtlik» ýolunyň nesilme-nesil dowam edip gelýändigi sebäpli, bu uly kärhana üçin şol döwürde çeper elli halyçylary gözläp tapmak kyn düşmeýär. Döredilenine 67 ýyl töweregi wagt geçen Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň şöhratly ýolunyň bardygyny, ony häzirki wagtda ussat halyçylaryň mynasyp dowam etdirýändiklerini belläp geçmek ýakymlydyr. Munuň şeýledigini zähmet toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada, döwlet sylaglaryna eýe bolan halypa halyçylaryň onlarçasynyň bolmaklygy bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Kärhanada ýylyň-ýylyna ýokary netijeleriň gazanylmagy hem bu ýerde işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynyň netijesidir. Halyçylyk kärhanasynda 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan maý aýyna çenli 1 müň 993 inedördül metr haly we haly önümleri dokalypdyr. Bu bolsa kärhanada geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 129 inedördül metr halynyň köp dokalandygyny, önüm öndürmek boýunça ösüş depgininiň bolsa 107 göterime golaý amal edilendigini aňladýar. Halyçylyk kärhanasynda yzygiderli gözlegleriň dowam etdirilýändigini hem belläp geçmek bolar. Onuň netijesinde milletiň milli ruhuny, türkmen zenanynyň kalbynyň owazyny şöhlelendirýän halyçylyk sungatynyň gadymy nusgalary bilen birlikde bagtyýar zamanamyzyň belent ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, Diýarymyzyň gün-günden özgerýän nurana keşbini açyp görkezýän nusgalar döredilýär, dürli ölçegdäki, dürli görnüşdäki halylar dokalýar. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda hem adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen äpet halylaryň, binalaryň ölçeglerine görä tegelek, trapesiýa görnüşindäki halylaryň dokalmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamalarydyr. Kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary – horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleri hem dokalýar.