Lebaply ýüpekçiler uly zähmet üstünligini gazandylar

Türkmenistanda Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ýü­pek­çi­le­ri Wa­ta­n harmanyna 1010 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­rdylar we şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurtda ilkinji bolup üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, gazanylan uly üstünlik lebaply ýüpekçileriň bir aý­dan gow­rak do­wam eden gaý­rat­ly zäh­me­tiniň, möwsüme ir­gö­zin­den gö­ren gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­ly­gynyň we baý iş tejri­be­si­niň mi­we­sidir. Şu ýyl we­la­ýa­tyň ýü­pek­çi­le­ri­ne 27 müň 656 gu­ty gur­çuk to­hu­my paý­la­ny­lyp be­ril­di. Şon­ça to­hum­dan me­ýil­na­ma bo­ýun­ça 1010 ton­na pi­le ön­dür­mek üçin ýü­pek­çi ho­ja­lyk­la­ryň 22 müň 709-sy bi­len şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Ýü­pek gur­çuk­la­ry ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da do­ly we dog­ry ide­dil­di. Ne­ti­je­de, ýo­ka­ry hil­li, se­na­gat üçin gym­mat­ly çig mal bo­lan bol pi­le ön­dü­ril­di. Ga­za­ny­lan zäh­met ýeň­şin­de iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji Çär­jew et­ra­by­nyň ýü­pek­çi­le­ri­ne de­giş­li. Olar 173 ton­na­dan gow­rak ýo­ka­ry hil­li pi­le ýygna­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di­ler. Dä­new et­ra­by­nyň ýü­pek­çi kä­ren­de­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 140 ton­na­dan gow­rak, Ha­laç et­ra­by­nyň ýü­pek­çi­le­ri 146 ton­na­dan gow­rak, Sa­ýat et­ra­by­nyň pi­le­çi­le­ri bol­sa 132 ton­na­dan gow­rak gym­mat­ly çig mal tab­şyr­dy­lar. Bu gör­ke­zi­ji­ler we­la­ýat­da ýü­pek­çi­lik iş­le­ri­niň giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, et­rap­la­ryň ara­syn­da zäh­met bäs­deş­li­gi­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şertnamalaýyn borç­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, welaýatda pi­le tab­şyr­ma­k do­wam edýär. Mu­nuň özi le­bap­ly ýü­pek­çi­le­riň di­ňe me­ýil­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, has ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ça­lyş­ýan­dyklary­ny gör­kez­ýär. Ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň çig mal bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Pi­le — gym­mat­ly çig mal. On­dan ön­dü­ril­ýän ýü­pek önüm­le­ri ne­pis­li­gi, berk­li­gi we ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.