Türkmenistanda Lebap welaýatynyň ýüpekçileri Watan harmanyna 1010 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar we şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurtda ilkinji bolup üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, gazanylan uly üstünlik lebaply ýüpekçileriň bir aýdan gowrak dowam eden gaýratly zähmetiniň, möwsüme irgözinden gören guramaçylykly taýýarlygynyň we baý iş tejribesiniň miwesidir. Şu ýyl welaýatyň ýüpekçilerine 27 müň 656 guty gurçuk tohumy paýlanylyp berildi. Şonça tohumdan meýilnama boýunça 1010 tonna pile öndürmek üçin ýüpekçi hojalyklaryň 22 müň 709-sy bilen şertnama baglaşyldy. Ýüpek gurçuklary agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda doly we dogry idedildi. Netijede, ýokary hilli, senagat üçin gymmatly çig mal bolan bol pile öndürildi. Gazanylan zähmet ýeňşinde iň ýokary görkeziji Çärjew etrabynyň ýüpekçilerine degişli. Olar 173 tonnadan gowrak ýokary hilli pile ýygnamagyň hötdesinden geldiler. Dänew etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri Watan harmanyna 140 tonnadan gowrak, Halaç etrabynyň ýüpekçileri 146 tonnadan gowrak, Saýat etrabynyň pileçileri bolsa 132 tonnadan gowrak gymmatly çig mal tabşyrdylar. Bu görkezijiler welaýatda ýüpekçilik işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, etraplaryň arasynda zähmet bäsdeşliginiň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigine garamazdan, welaýatda pile tabşyrmak dowam edýär. Munuň özi lebaply ýüpekçileriň diňe meýilnamany ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, has ýokary netijeleri gazanmaga çalyşýandyklaryny görkezýär. Ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň çig mal binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Pile — gymmatly çig mal. Ondan öndürilýän ýüpek önümleri nepisligi, berkligi we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.