Daşoguz welaýatynda 500 tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda müňlerçe kärendeçi pile öndürýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. We­la­ýatda ýo­ka­ry hil­li pi­lä­niň 500 ton­na­sy­ny ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu ýyl we­la­ýat bo­ýun­ça pi­le ön­dü­ri­ji­le­riň 8 müň 700-si bi­len de­giş­li şertnamalar bag­la­şyl­dy. Öndürijiler ýüpek gurçugynyň kesellerine garşy göreşmek üçin zerur öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda durmuşa geçirilmegine, gurçuklaryň esasy iýmit çeşmesi bolan tut ýapraklarynyň hiline we täzeligine, iýmitleniş tertibine uly üns berýärler.