Türkmenistanyň gündogar sebitiniň ýüpekçileri 1 müň 10 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler

Şu ýyl Lebap welaýatynyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri ýurdumyzda ilkinjiler bolup ýüpek gurçuklaryny idetmek işlerine girişdiler. Tut ýapraklarynyň ýetişmegi bilen başlanan möwsüme welaýatyň ýüpekçileri irgözinden taýýarlyk gördüler. Gurçuk idediljek jaýlar dermanlanylyp, arassaçylyk işleri geçirildi. Meýdanlardaky tutlaryň düýbi ýumşadylyp, dökünlenip suwaryldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berdi. Möwsümde welaýatyň ýüpekçileri 1 müň 10 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Munuň üçin şu ýylky möwsümde ýüpekçilere 26 müň 756 guty gurçuk tohumyny janlandyryp bermek göz öňünde tutuldy. Olary idetmek üçin tejribeli ýüpekçiler bilen şertnamalar baglaşyldy.