Kaka etrabynyň ýüpekçileri çig piläniň 20 tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlamak, pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak hem-de ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak bilen bagly işlere uly ähmiýet berilýär. Etrabyň ýüpekçileri möwsümde 548 guty ýüpek gurçugyny idetmegi we çig piläniň 20 tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Olar taýýarlyk işleriniň her birine jogapkärli çemeleşýärler. Şu ýyl bu etrap boýunça pileçi kärendeçileriň 151-si ýüpek gurçugyna ideg eder. Häzirki güne çenli pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň idediljek 43 müň 840 inedördül metr meýdany bolan jaýlaryň taýýarlygy aýratyn gözegçilikde saklanýar. Ýüpek gurçugynyň janlandyryljak jaýlarynyň taýýarlygynyň hem ýokary derejededigini bellemek gerek. Çeşme: "Türkmenmetbugat" web saýty