Halaçly dokmaçylar rekord görkezijilere eýe boldular: Meýilnama 140 göterimden geçdi

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän nah ýüplük egriji fabrigi geçen ýyly uly zähmet ýeňişleri bilen jemledi. Kärhana hasabat döwründe jemi 113 million 510 müň manatlyk önüm öndürip, ýyllyk meýilnamasyny 140,2 göterim berjaý etmegi başardy. Bu bolsa öndürilen we ýerlenen önümleriň möçberiniň ozalky ýyllardakydan has ýokarydygyny görkezýär. Ýylyň dowamynda jemi 2 müň 963 tonna ýüplük satylyp, bu ugurda goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Esasanam, öndürilen ýüplügiň 2 müň 226 tonnasynyň Russiýa we Özbegistan ýaly döwletlere eksport edilmegi kärhananyň daşary söwdadaky ornuny görkezdi. Eksport edilen harytlaryň umumy bahasy 72 million 309 müň manada deň boldy. Şol bir wagtyň özünde, önümleriň belli bir bölegi ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna ugradylyp, täze ýylda geljek islegleri kanagatlandyrmak üçin zerur işler dowam etdirilýär. Halaçly dokmaçylar Italiýanyň «Marzoli» kompaniýasynyň döwrebap enjamlaryny ulanyp, ýüplügiň bäş görnüşini öndürýärler. Alyjylaryň arasynda «Nm17/1» görnüşli ýüplüge isleg has ýokary bolsa, şonuň bilen birlikde 20-lik, 27-lik we 34-lik ölçegdäki ýüpler hem uly islegden peýdalanýar. Önümçilik tapgyry pagtany arassalamakdan başlap, tüýdüji we saraýjy maşynlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Tehnologik işleriň barşynda sekiz sany süýüm birleşdirilip, oňa degişli tow berilýär we halkaly egirme usuly arkaly ýokary hilli ýüplükler taýýarlanylýar.