20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi