Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 45-nji hepdesinde geçirilen birža söwdalarynyň netijeleri boýunça daşary ýurtly we ýerli işewürler bilen umumy bahasy 3 520 772,50 ABŞ dollaryna we 102 384 800,00 manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky geleşikleriň esasy bölegini dokma önümleri we nebithimiýa harytlary tutdy. Hepdäniň barşynda BAE-niň, Türkiýe Respublkasynyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewürleri tarapyndan "Türkmennebit" döwlet konserniniň gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem ýerli öndürüjilerden nah ýüplügini, nah matany we polifabrikant ranfors nah matasyny satyn almak barada geleşikler resmi taýdan bellige alyndy. İçerki bazarda bolsa ýerli işewürler milli önümçiligiň çig mal serişdelerine uly gyzyklanma bildirdiler. Hepdäniň barşynda "Türkmenpagta" döwlet konserninden pagta ýüplügi we pagta süýümi, "Türkmennebit" döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropilen, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn alnyp, içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň artmagyna uly goşant goşuldy.