Türkmenistanda Hasyl toýy giňden bellenildi

Türkmenistanda 8-nji noýabrda ýurdumyzyň bereketli topragynyň we zähmetsöýer daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişlerini şöhratlandyran Hasyl toýy ýokary ruhubelentlikde we giň gerimde dabaralandyryldy. Esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň çäginden geçýän Garagum derýasynyň gözel kenarynda ýaýbaňlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ýokary netijeleri gazanan öňdebaryjylara döwlet sylaglary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Derýanyň kenarynda myhmanlar milli lybasly gyzlar tarapyndan duz-çörek, pişme we ter miweler bilen garşylandy. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň, oba hojalyk toplumynyň gazanan üstünliklerini, “ak altynyň” täze hasylyny, däneçilik we maldarçylyk önümlerini görkezýän giň möçberli sergi guraldy. Täze taryhy döwrümizde oba hojalyk pudagynda uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. Gallaçylar 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnap, döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý etdiler. Pileçiler hem şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirip, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürdiler. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça oba hojalyk pudagynyň önümçilik ösüş depgini 118,2 göterime barabar boldy. Pudakda ylmy-barlag institutlary döredilip, öňdebaryjy agrotehnologiýalar, sanly ulgam we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça işler giňden alnyp barylýar. Şeýle hem täze şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary, ýag we dökün kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, milli göreş pälwanlarynyň ýaryşlary we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly buýsanç bilen diňlän dabara gatnaşyjylar oba hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza 2023-nji ýylda doglan «Hazyna» atly ahalteke bedewini sowgat berdiler. Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar mähriban Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.