5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,6 göterim ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji nah ýüplügiň önümçiliginde 103,4 göterime, nah matalarda 101,7 göterime, tikin we trikotaž önümlerinde 103,6 göterime, gön önümlerinde 100,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 106 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, olarda 25 müň 987 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 146,4 göterime, 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 22 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy. Söwda-haryt dolanyşygynda 110,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy, dokma senagatynyň kärhanalarynda ýokary hilli dokma önümlerini öndürmek işlerini dowam etmegi hem-de hususy pudagy ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi