Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk toplumynda şu ýylyň ilkinji on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň jemleri, şeýle hem welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabat döwründe oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,2 göterime ýetdi. Pudagyň esasy ugurlarynda hem ýokary netijeler gazanyldy. Hususan-da, Oba hojalyk ministrligi boýunça ösüş görkezijisi 111,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 107,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 107,4 göterime deň boldy. Şeýle hem «Türkmenpagta» döwlet konserninde ösüş depgini 122,1 göterim, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginde 126,4 göterim, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginde 100,7 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşiginde 121,6 göterim, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginde 104,7 göterim, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde bolsa 101,1 göterim boldy. Oba hojalyk toplumynda maýa goýum maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişinde hem ýokary netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 149,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen işleriň işjeň alnyp barylýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu çäreler ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaşyl zolaklary giňeltmek we tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak boýunça döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumyny toplumlaýyn ösdürmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere oba hojalyk önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we pudakda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.