Türkmenistanyň ýeňil senagatynda öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda ornuny berkidýän Babadaýhan dokma toplumy şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 213 million 675 müň manatlyga golaý önüm öndürdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 139,8 göterimden gowrak boldy. Bellenilişi ýaly, bu netije kärhananyň işgärleriniň agzybir we yhlasly zähmeti bilen gazanyldy. Dokuz aýyň jemleri toplumda önümçiligiň durnukly ösýändigini görkezýär. Toplumda öndürilýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply 85/1 belgili inçe daralan ýüplükler, şeýle hem 31/1, 51/1 we 68/1 belgili nah ýüplükler uly islege eýedir. Ýylyň başyndan bäri şeýle önümlere isleg duýarly derejede artdy. Mundan başga-da, kärhananyň «Mäne» haryt nyşany astynda öndürýän ýokary hilli taýýar dokma önümleriniň alyjylarynyň sany artdy.