Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 37-nji hepdesinde (7–12-nji sentýabr aralygynda) geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça jemi 15 sany geleşik baglaşyldy. Hepdelik söwdalaşyklaryň fiziki we pul möçberi içerki bazarda 328 843 176,80 manada, daşarky bazarda bolsa 531 750,00 ABŞ dollaryna deň boldy. Daşarky bazarda Hindistanyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Şeýle hem Türkiýe döwletiniň wekilleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy edinmek barada geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmenpagta" Döwlet konserninden pagta süýümini hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta galyndylaryny we pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny (SŽK) satyn aldylar. Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi, "Türkmenýüpek" ÝGPJ-den bolsa çig ýüpek edinildi. Mundan başga-da, ýerli telekeçiler Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny hem-de arassalanmadyk glisirrizin turşusyny satyn aldylar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden bolsa aýna çüýşelerini edinmek boýunça täjirçilik geleşikleri baglaşyldy.