«Serdar» pagta egriji kärhanasynda önümçilik depgini ýokarlanýar

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgadyny taýýarlamak maksady bilen önümçilik işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Dokma senagatynyň iri kärhanalarynyň biri bolan bu önümçilik toplumynda mata öndürmek üçin zerur bolan ýokary hilli ýüplükleriň öndürilişi yzygiderli artýar. Ýylyň ilkinji sekiz aýynyň netijelerine görä, kärhanada öndürilen önümleriň pul möçberi 10 million 800 müň manatdan hem geçdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi. Demirgazyk sebitiň öňdebaryjy pagta egriji kärhanalarynyň hatarynda durýan «Serdar» kärhanasynda aýlyk önümçilik meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň degişli döwründe dürli görnüşli ýüplükleriň, şeýle hem dokma serişdelerinden taýýarlanylýan pamyk we beýleki önümleriň önümçiligi ep-esli ýokarlandy. Kärhanada döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy önümçiligiň durnukly işlemegini, ýokary hilli önümleriň öndürilmegini we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeleri gazanmagy üpjün edýär. Önümleriň hiline aýratyn üns berilýär. Kärhanada ýöriteleşdirilen döwrebap ölçeg enjamlarynyň kömegi bilen pagta süýüminiň esasy aýratynlyklary, şol sanda uzynlygy, reňki, arassalygy we çyglylyk derejesi yzygiderli barlanýar. Ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilik mümkinçilikleri we zähmetsöýer işgärleriň tagallalary netijesinde «Serdar» pagta egriji kärhanasy dokma senagatynyň ösüşine mynasyp goşant goşmagyny dowam etdirýär.