Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede 10 geleşik baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 33-nji hepdesinde (10 — 14-nji awgust aralygynda) geçirilen birža söwdalarynyň netijeleri boýunça habar berilýär. Hepdäniň dowamynda daşarky we içerki bazarlarda daşary ýurtly we ýerli işewürleriň gatnaşmagynda dürli harytlar boýunça birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde, hepde boýunça jemi 10 geleşik baglaşyldy. Baglaşylan geleşikleriň umumy möçberi 260 000,00 manada we 2 245 826,70 amerikan dollaryna deň boldy. Söwda günleriniň barşynda Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň hem-de Azerbaýjanyň telekeçileri ýerli işewürlerden we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden nah galyndylaryny, dokma önümlerini, arassalanmadyk owradylan guradylan buýan kökini hem-de onuň gury ekstraktyny, pagta üptügini we nah ýüplügini satyn aldylar. Şeýle hem içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplüginden dokalan mytgal nah çig matany satyn almak boýunça geleşikleri amala aşyrdylar.