Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji iýulda geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 1 300 000 manada we 1 083 080 amerikan dollaryna barabar bolan bäş geleşik baglaşyldy. Daşarky bazarda Türkiýeli telekeçiler ýerli işewürler bilen çig ýüpek satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Azerbaýjanly telekeçiler mahmal önümlerini we pagta ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen pagta galyndylaryny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.