Dokma senagatynyň eksport kuwwaty Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda sergilenýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 22-nji iýulda geçirilen söwdalaryň netijesinde takmynan bahasy 1 139 500,00 amerikan dollaryna barabar bolan iri harytlyk geleşik baglaşyldy. Birža söwdalaşyklarynyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň işewür wekilleri ýurdumyzyň ýerli telekeçilerinden uly möçberde nah ýüplügini satyn almak boýunça degişli şertnama gol çekdiler. Geleşigiň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň milli dokma senagatymyzyň önümlerine bolan uly gyzyklanmasy ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli nah ýüplükleri daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Özbegistanly telekeçiler bilen geçirilen bu şertnama iki goňşy döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň barha kämilleşýändigini we giňelýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzyň eksport nünkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmekde hem-de milli ykdysadyýetiň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Söwdalaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekmek boýunça biržada yzygiderli degişli işler alnyp barylýar. Ýokary hilli dokma önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýändigini aňladýar.