Türkmenistnyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen 724 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-nji iýulda geçirilen söwdalarda jemi 724 müň amerikan dollaryna deň bolan 4 sany geleşik baglaşyldy. Geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamalaryň umumy maliýe möçberi ýurduň eksport kuwwatynyň durnukly ösýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Söwda gününiň çäklerinde daşarky bazaryň wekilleri, hususan-da Türkiýe Respublikasynyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri uly işjeňlik görkezdiler. Olar türkmen telekeçileri tarapyndan hödürlenen ýokary hilli ýerli önümlere uly gyzyklanma bildirip, uly möçberdäki geleşikleri üstünlikli amala aşyrdylar. Türkiýeli işewürler söwdalaryň barşynda ýerli öndürijilerden çig ýüpegi we pagta ýagynyň çökündisini (Soapstok) satyn almak barada özara bähbitli şertnamalara gol çekdiler. Bu önümler daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda uly islegden peýdalanmagyny dowam edýär. Biržada gazanylan bu netijeler ýurdumyzyň dokma we gaýtadan işleýän senagatynyň önümlerine bolan halkara islegiň barha artýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde esasy meýdança bolup hyzmat edýär.