«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýady berkidilýär

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer Nökerguly Atagulyýew 18-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi. Häzirki wagtda döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalaryny boýag we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu wezipeleri netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Şunlukda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýörite teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge we öndürilýän önümleriň hilini has-da ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.