«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary ýylyň nyşany ýerleşdirilen täze önümleri hem-de rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň şekilleri bilen bezelen özboluşly sowgatlyk ýassyk-ýorgan daşlyk toplumlaryny öndürdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Bu önümleriň esasy aýratynlygy 3D täsirli kupon nagyş tehnologiýasynyň ulanylmagydyr. Täze ýassyk-ýorgan daşlyk toplumlary ýokary derejeli, kaşaň görnüşe degişli bolup, olar diňe 100 göterim pagta ýa-da satin ýaly ýokary hilli çig mallardan taýýarlanýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň wekiliniň sözlerine görä, toplumy döredenler türkmen halkynyň asyrlardan gelýän däp-dessurlaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen utgaşdyrmagy maksat edinipdirler. Täze sowgatlyk toplumlaryny eýýäm «Altyn asyr» täjirçilik merkezinden satyn alyp bolýar. Olar islendik öýüň bezegine öwrülip, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny hem-de milli öndürijileriň ussatlygyny özünde jemleýän ajaýyp sowgat bolar.