Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy G.Karaýewanyň hem-de M.Hydyrowanyň we L.Bekbaýewanyň awtorlygynda taýýarlanan «Tikin önümleriniň tehnologiýasy» atly täze okuw kitaby neşir edildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapa taýýarlanylan bu gollanma ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem dokma toplumlarynyň, modeller öýleriniň hünärmenleri üçin niýetlenendir. Täze kitapda innowasion enjamlaryň kömegi bilen dürli görnüşdäki tikin önümlerini taýýarlamagyň inçe syrlary, inženerçilik we tehnologik usullary düşündirilýär. Kitapda dünýäniň internet maglumatlary we tejribeli hünärmenleriň teklipleri nazarda tutulyp, ýörite çyzgylar, suratlar we tablisalar ýerleşdirildi. Gollanma arabaglanyşykly 4 bapdan ybarat bolup, olarda türkmen milli we döwrebap egin-eşikleriniň, sport hem-de möwsümleýin lybaslaryň taýýarlanyş tapgyrlary, maşyn we el işleriniň, dürli furnituralary oturtmagyň tehnologiýasy jikme-jik öwredilýär. Neşir milli tikinçilik mekdebiniň inçe syrlaryny ylmyň we döwrebap tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üstünlikli utgaşdyrýar.