Iýunda Aşgabatda "Turkmentextile Expo 2026" sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 4 - 6-njy iýunynda “Turkmentextile Expo 2026” atly halkara sergi we maslahat geçiriler. Bu çäre dokma senagatynda dünýäniň öňdebaryjylaryny, önüm öndürijileri, üpjün edijileri, pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemleýän B2B platformasy bolup, Merkezi Aziýanyň geljegi uly bazarlarynyň birinde işewürligi giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu barada guramaçy kompaniýa bolan «TurkmenExpo» kärhanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Sergi dokma önümçiligi üçin enjamlar, tebigy süýümi gaýtadan işlemek, lybaslary, aýakgaplary, hojalykda ulanylýan dokma önümlerini, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeleri, boýaglary, esbaplary öndürmek hem-de döwrebap tehnologik çözgütler ýaly giň ugurlary öz içine alar. “Turkmentextile Expo 2026” sergisiniň maksady Türkmenistanyň barha ösýän dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny tanyşdyrmakdan, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden we dokma pudagynda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr.