Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde önümçilik meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirilýär. Fabrikde şu ýylyň birinji çärýeginde 4 million 885 müň 100 manatlyk önüm öndürilip, önümçilik meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,3 göterime golaý ösüş gazanylandygyny aňladýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, çeper elli tikinçiler şanly ýylda alyjylara täze-täze önümleri hödürlemegi maksat edinýärler. Önümçilik meýilnamasyna görä, tizara fabrigiň garamagyndaky dükanda çagalar üçin niýetlenen döwrebap biçüwli ýeňli köýnekler satuwa çykarylar. Fabrikde gurluşyk, oba hojalyk, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler üçin iş egin-eşikleri, şeýle hem harby gullukçylara niýetlenen lybaslar ýörite buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Tejribeli biçimçilerdir tikinçiler dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler üçin ýörite eşikleri taýýarlanlarynda olaryň iş şertleriniň aýratynlyklaryny, ýylyň her bir möwsüminiň howa ýagdaýyny göz öňünde tutýarlar. Bu ýerde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler has köp mukdarda öndürilýär. Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tikin maşynlarynyň hem-de enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň depginini yzygiderli artdyrmaga, tikin önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga, görnüş taýdan baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik berýär. Fabrikde şanly ýylyň nyşany şekillendirilen sport egin-eşikleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Kärhananyň çagalara we uly ýaşlylara niýetlenen «Oguz», «Kekene», «Çeper» haryt nyşanly geýimlerdir ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumy ýaly täze önümleri hem bar. «Daşoguz welaýatyndaky baýry önümçilik kärhanalarynyň biri bolan «Çeper» tikin fabriginiň 200-den gowrak işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar» diýlip, habarda aýdylýar.