«Nepis» haryt nyşanly önümlerini daşarky bazarlara çykarmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki «Nepis» haryt nyşanly jorap önümlerini öndürýän hususy kärhananyň önümleri hil taýdan aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. «Nepis» haryt nyşanly hususy kärhanada 1 ýylda 4,5 milliondan – 4 million 700 müň jübüde çenli jorap möwsümleýin isleglere görä öndürilýär. Bu döwrebap kärhananyň önümçiliginde erkek adamlar, zenanlar, çagalar, ýetginjekler üçin niýetlenen dürli ölçegdäki joraplaryň atlandyrylan esasy görnüşleriniň 15-si, olaryň hem her haýsynyň onlarça görnüşleri bar. Şu ýyl kärhana öz önümçiligini giňeltmek, daşarky bazara eksport mümkinçiligini döretmek maksady bilen täze önümçilik binalarynyň gurluşygyna badalga berdi. Täze desgalar doly enjamlaşdyrylyp işe girizilenden soň, kärhananyň önümçiligi iki esse ýokarlanar. Ýene täze iş orunlary dörediler. Täze binada Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Italiýa döwletiniň jorap önümçiligindäki ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.