Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň çäginde «Jinfengyuan Seed Industry» kompaniýasynyň wekilleri Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde eýýäm öz netijeliligini subut eden «Sinlýu-Zao 78», «Sinlýu-Çžun 68» we «J206-5» atly gowaçanyň täze sortlaryny hödürlediler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Süýüm birmeňzeşligi we garyndylaryň azlygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa häzirki zaman ýokary tizlikli dokma enjamlarynda işlemek üçin esasy talapdyr. Hytaýda we Özbegistanda 40 müň gektar ýeri bolan bu kompaniýa ählumumy satuw toruny döretdi we Türkmenistandaky hyzmatdaşlaryna tehniki hyzmatlaryň doly toplumyny, ylmy goldawy hödürlemäge taýýardygyny belledi.