Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi halkara bäsleşigiň möhletini uzaltdy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ýük we ýolagçy liftlerini satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletiniň 2026-njy ýylyň 25-nji apreline çenli uzaldylýandygyny mälim etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. — ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänler Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy salgysynda bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça islegnama bermeli; — tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalaryny almaly; — bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin degişli möçberde töleg tölemeli. Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seredilýär we olar otuz günüň dowamynda kabul edilýär. Ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalarda teklipler kabul edilmeýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77/40-71-96/40-71-83. Çeşme: "Türkmenistan" gazeti