Bäherden tikin fabriginde iki aýda 1 million 721 müň manatlykdan gowrak iş edildi

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan ýyly ýokary önümçilik görkezijilerine beslemegi maksat edinýän zähmet toparlarynyň biri-de Bäherden tikin fabriginiň agzybir işgärleridir. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu baýry kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň zähmet işjeňligi netijesinde şanly ýylyň geçen iki aýynda 1 million 721 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik işinde 100,2 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri kärhanada döwlet edaralaryndan gelen buýurmalar esasynda ýöriteleşdirilen iş lybaslarynyň we beýleki tikin önümleriniň 50 müňe golaýy taýýarlanyldy. Şeýlelikde, ekologik taýdan arassa nah matalardan öndürilen tikin önümlerini öndürmek boýunça buýurmalaryň wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi gazanyldy. Çeşme: "Türkmenistan" gazeti