Kaka dokma toplumy erkek adamlar üçin lybaslar bazarynda öz ornuny berkidýär

2021-nji ýylyň tomsunda işe girizilen Kaka dokma toplumy pudakda ýokary görkezijileri görkezmegini dowam etdirýär. Kärhana hili we häsiýetnamalary boýunça daşary ýurt meňzeşlerinden pes däl önümleri öndürýär. Assortimentiň esasyny balaklardan we köýneklerden başlap, möwsümleýin kurtkalara çenli doly garderoby hödürleýän «Jeýtun» erkekler markasy düzýär. Brendiň modeller hatary köpdürlüligi we funksionallygy bilen tapawutlanýar. Alyjylar üçin balaklaryň nusgawy görnüşleri, şeýle hem gapdal jübüli döwrebap modelleri elýeterlidir. Daşky geýimler segmentinde dizaýnerler asuda gök we çal öwüşginlere has ähmiýet berip, güýz-ýaz möwsümi üçin zynjyrly amatly kurtkalary öndürýärler. Toplumyň hünärmenleri erkek köýnekleriniň jikme-jikliklerine aýratyn üns berýärler. Ýygyndylarda dürli reňk öwüşginlerinde jübüleriniň dürli biçüwdäki nusgalary hödürlenýär. Ýakasynyň uçlary ilikli (button-down) köýnekler markanyň özboluşly "wizit kartasyna" öwrüldi. Ýakasynyň uçlaryndaky ilikler arkaly önüm günüň dowamynda öz syratyny saklaýar, “smart casual” stilini kämilleşdirýär hem-de jinsiler we bleýzerler bilen gowy utgaşýar. «Jeýtun» önümleriniň meşhurlygy ýerli önüm bolan ekologiýa taýdan arassa tebigy çig malyň ulanylmagy bilen düşündirilýär. Täze modeller işlenip düzülende möwsümleýin islegler we içki bazaryň çuňňur seljermesi göz öňünde tutulýar. Bu bolsa kärhana durnukly islegi we müşderileriň ynamyny saklamaga mümkinçilik berýär. Toplumyň önümçilik düzümine ýüplük egriji, dokma, boýag-timarlaýyş we tikinçilik sehleri girýär. Tehniki binýady Ýewropanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary düzýär. Hil gözegçiligi pagta süýüminiň aýratynlyklarynyň düýpli barlanýan hususy barlaghanasynda amala aşyrylýar, toplumyň bölümleri bolsa kreton, ranfors we gabardin ýaly isleg bildirilýän matalary öndürýärler. Taýýar önümler giň ulgam: Dokma internet-dükany, «Altyn Asyr» marketing merkezi we paýtagtyň ýöriteleşdirilen firma dükanlary arkaly ýerlenilýär. Bölek satuwdan başga-da, kärhana eksport ugry boýunça işjeň işleýär, daşary ýurt bazarlaryna ýüplük we matalary iberýär, bu bolsa türkmen dokmasynyň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklaýar. Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti