“Panbarhat” dükanlarynda söwda hemişe-de gyzgalaňly, ýöne Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda bu ýerde üýtgeşik bir ýagdaý höküm sürýär. Gowudan-gowy sowgat gözleýän erkek adamlar we zenanlar bu ýere nepis dokalan panbarhat satyn almak üçin gelýärler. Bu ýerde işleýän zenanlar matanyň her çitiminiň taryhyna belet. Olar gadymy nagşyň nusgawy "Gadym goçak gülünden" başlap, ajaýyp "Pişme gülüne" çenli manysyny tirip, gaşlary öwşün atýan "Gaşly" matalary görkezip we şu möwsümde haýsy nagyşlaryň has ýörgünlidigini aýdyp bilýärler. 2026-njy ýyl üçin ýörite "Atly panbarhat" atly mahsus mata çykaryldy. Onuň bezeginde ýylyň nyşany – rowaýata öwrülen ahalteke bedewi öz beýanyny tapypdyr. Müşderilere amatly bolmagy üçin, salgysynda ýerleşen saýt ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleriň giň görnüşini hödürleýär. Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti