Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gowy netijeleri görkezen edara-kärhanalaryň sany ýurdumyzyň Balkan welaýatynda-da kän. Her ýylda işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ýokary görkezijilere eýe bolýan şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasydyr. Kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhananyň işgärleri tarapyndan geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen tikin önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 17 million 197 müň manatdan, aýakgap önümleriniňki 19 million 697 müň manatdan gowrak boldy. Netijede, ýyllyk ösüş depgini 133 göterime ýetdi. Munuň özi kärhanada döredilip berilýän ajaýyp şertdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanylýandygynyň güwäsidir. Çeşme: "Balkan" gazeti