Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda ýokary hilli ýüplükleri öndürýän kärhanalaryň biridir. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýändigi we ýokary hillidigi, ekologiýa taýdan arassadygy bu ýerde öndürilýän önümleriň hyrydarlarynyň köp bolmagyny üpjün edýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlar kärhananyň zähmetsöýer işgärleriniň tutanýerli zähmet çekmegine we öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna, hiliniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Geçen ýylda «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde 3877 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanyp, sarp edijilere ugradyldy. Olaryň pul hasabyndaky möçberi 149 million manada barabar boldy. Çeşme: "Balkan" gazeti