“Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2026-njy ýylda 2 müň 100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmak, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmek bellenildi. Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we onuň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.