Türkmenistanyň «Gala» haryt nyşanly dokma önümleri häzirki zaman modasynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän geýimleriň birine öwrüldi. Brendiň ýöriteleşdirilen söwda dükanlarynda bütin maşgala üçin niýetlenen, ýokary hilli we amatly harytlaryň giň görnüşi müşderilere hödürlenýär. Bu ýerde çagalar, ýetginjekler we uly ýaşly adamlar üçin niýetlenen trikotaž sport lybaslary aýratyn orun tutýar. Bu täze nusgalar işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin ýörite işlenip düzüldi. Geýimler özünde oňaýlylygy, berkligi we häzirki zaman moda meýillerini jemleýär. Ýaşlaryň arasynda jübüli hem-de belent ýakaly jalbar-penjekden ybarat bolan iki bölekli lybaslar uly meşhurlykdan peýdalanýar. Oýlanyşykly biçüw hereket erkinligini üpjün edýär, ýumşak we çydamly trikotaž matasy bolsa geýimleri gündelik geýmek, gezelenç etmek we sport bilen meşgullanmak üçin örän amatlydyr. Kolleksiýanyň düzüminde ýokary hilli materiallardan taýýarlanan özboluşly egin-eşikler hem bar. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary bolan, sport ruhuny we ýeňşe bolan ymtylyşy aňladýan türkmen alabaýynyň şekili çekilen futbolkalar alyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär. Bu lybaslar milli gymmatlyklar bilen sport dizaýnyny utgaşdyrýar. Täze önümleriň hatarynda sport stilini kämilleşdirýän dürli reňkli örülen başgaplar hem hödürlenýär. Reňkleriň baý öwüşginliligi netijesinde alyjylar her bir lybasa laýyk gelýän esbaby arkaýyn saýlap bilýärler. Başgaplaryň eplenen ýerinde ýerleşdirilen «Gala» haryt nyşany önümleriň tanalmagyny has-da artdyrýar we hiliň kepili bolup hyzmat edýär. «Gala» brendiniň ähli önümleri döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly diňe ekologiýa taýdan arassa materiallardan taýýarlanylýar. Bu bolsa geýimleriň halkara hil ülňülerine doly laýyk gelmegini üpjün edýär we alyjylaryň ynamyny gazanmagyna ýardam berýär. Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti