Bedew baýramy mynasybetli döwlet derejesinde döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň žurnalistleriniň, döredijilik bilen meşgullanýan raýatlarynyň we fotosuratçylarynyň arasynda «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady asuda Diýarymyzda behişdi bedewlere goýulýan belent hormat-sarpany, olaryň at-owazasyny Ýer ýüzüne ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, şeýle-de taryhy müňýyllyklara uzaýan bedewlerimize bolan çuňňur söýgini döretmek arkaly ýaşlary terbiýelemek, olaryň Watana, ruhy-medeni mirasymyza söýgüsini, atşynaslyk sungatyna bolan höwesini artdyrmak, onuň inçe syrlaryny öwretmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleri açyp görkezmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde (makalalarda we oçerklerde) ýokarda aýdylanlar babatda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Şol sanda ýurdumyzda arassa ganly, tohum atlary ösdürip ýetişdirmekde amala aşyrylýan işler, halypa atşynaslara hem-de çapyksuwarlara goýulýan hormat-sarpa mynasyp beýan edilmelidir. Mundan başga-da, geçmişde yz goýan nusgalyk atlar, atşynaslar hem-de çapyksuwarlar ýa-da bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýän seýisler hakynda ýazylýan makaladyr oçerklere töwerekleýin çemeleşilmelidir. Bäsleşige hödürlenilýän suratlarda türkmen bedewiniň gözelligi, ýyndamlygy, milli bezeg esbaplary, tebigatdaky görnüşleri görkezilmelidir. Suratlar fotoreportaž görnüşinde bolmalydyr. Hödürlenilýän işler, fotosuratçylaryň suratlary gazet-žurnallarda ozal çap edilen bolmaly däldir. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ildeşlerimiz oňa hödürleýän işlerini «Bir belent ykbal sen illere, bedew!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) baradaky maglumatlary hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär. Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky maglumatlar şu ýylyň 20-nji apreline çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar. Bäsleşigiň netijeleri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde yglan ediler. Ýeňijilere «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94