Ýurdumyzda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly Halkara forum geçiriler

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmeklige bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) atly Halkara forum geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde guralar. Forum ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar. Forumda oňa gatnaşýanlar: • senagat, ulag, oba hojalyk we IT pudagyndaky geljekli taslamalary öwrenerler; • hususy telekeçilige goldaw bermek boýunça çäreler barada maglumat alarlar; • halkara we ýerli maýa goýujylar bilen aragatnaşyk saklamak üçin mümkinçilik alarlar; • maýa goýum boýunça iň oňat tejribeli bilermenler mejlislerine gatnaşarlar. Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi