Türkmenistan GDA agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşine gatnaşdy

22-nji ýanwarda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşi geçirildi. Bu çärä GDA-nyň Baş sekretary, Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem agza döwletleriň Ilçileri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew gatnaşyjylary «2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň bu ýylyň dowamynda ileri tutýan ugurlary boýunça geçiriljek çäreleriň Konsepsiýasy» bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem, Geňeşiň agzalary 2024-nji ýyldaky işleriň netijelerini jemlediler we Geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny tassykladylar. Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»